Şu gän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerlerde halkymyz bilen geljek ýylyň şygaryny maslahatlaşmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi teklip edilmegi we şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýandygy barada täsirli gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, halkymyzy nurly ertirlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP