Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty – Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň dünýäniň ösüş derejelerine laýyk getirilmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler geçirilen maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda halk häkimiýetiniň berkidilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi. Şeýle hem şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän giň gerimdäki taýýarlyk işleri hakynda çykyş edenler öz çykyşlarynda durup geçdiler.
TSTP