Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Eziz Watanmyzyň nurly gelejegi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň arzuw-isleginden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň güýç-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň röwşen geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýar. Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgämiz esasynda terbiýelenýän ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýany boldy. Bu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmekde jogapkärli wezipeler, tutumly işler öňde durýar. Şol belent wezipeleri, aýdyň maksatly uly işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmeginiň hatyrasyna öndürijilikli zähmet çekmekleri möhümdir. Munuň üçin bolsa baky berkarar döwletimizde ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Ýaş telekeçilere Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly özgertmeler, täze döwrüň belent wezipeleri barada yzygiderli gürrüň berýäris. Munuň özi oňyn netijelerini berýär. Ýygnaga gatnaşýan ýaş telekeçiler Gahryman Arkadagymyzyň, Halkymyzyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny! Il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini bir agyzdan arzuw etdiler!
TSTP