Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Halkyň bähbidine” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini , jebisligini berkitmek , milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmeklige gönükdirlendir.
Häzirki bagtyýar döwürde her bir işde ýaşululara geňeşmek, ony maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däpler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek barada alnyp barylýan ýadawsyz işleriň netijesinde häzir bu hakyky demokratik ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Munuň özi agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!
TSTP