Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkana welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň goşgularynda nesil terbiýesi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Milli Lidermiziň asylly başlangyçlary yzygiderli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik söz ussadyna goýýan hormaty bu gün dünýä ýaň salýar. Magtymgulynyň keşbi batyrlygy, mertligi, watany, ene-topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir. Çuňňur pähim paýhasa ýugrulyp, ýüreklerde öçmejek ýer eden şygyrlaryň eýesi Magtymguly Pyragynyň umumyadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. “Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Onuň şygyrlary ynjam ýüreklere em, azgyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr” diýip şahyry sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň özüniň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy “ ýaly kitaplarda şahyryň döredijili giňden beýan edilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Lidermiziň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Mähriban Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
TSTP