Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Medeniýet – halkyň milli hazynasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet – halkyň milli hazynasy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi hem-de işjeň agzalaryň el işleriniň sergisi gurnaldy. Ajaýyp zamanamyzyň her bir ýylynda ýurdumyzda Medeniýet hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda täze ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe bolup, gözbaşy asyrlara uzaýan türkmen medeniýeti we sungaty halkymyzyň ruhy kämilliginiň ajaýyp nusgasy bolmak bilen, taryhymyzdan söz açýan gymmatly mirasdyr. Her bir halkyň ýaşaýyş we ösüş derejesi onuň medeniýeti, sungaty bilen kesgitlenilýär. Türkmen halkynyň ruhy özboluşlylygy siňen milli medeniýeti we sungaty bar. Şonuň üçin hem türkmen jemgyýetinde bolup geçýän özgertmeler medeniýetiň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Häzirki döwürde jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmek, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek ýaly aýdyň maksatlary gursagynda göterip, döwrebap eserleri döredýän medeniýet we sungat işgärleri jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýji hökmünde uly abraýa, belent mertebä eýe bolýarlar. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ajaýyplyklaryny, aýratynlyklaryny dünýä ýaýmakda, milli döredijilik däpleriniň gymmatlyklaryny özleşdirmekde, baýlaşdyrmakda, zehiniňi açyp görkezmekde, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda, döredijilikli zähmet çekmekde döredilýän şertdir mümkinçilikler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetiniň taryhyna, onuň özboluşly aýratynlyklaryna we halkymyzyň sungatyna bagyşlanan eserleri aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň “Türkmen medeniýeti”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly eserleri halkymyzyň baý medeniýetine we sungatyna bolan söýgi-buýsanjyny has-da artdyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligine aýratyn hormat-sarpa goýýan, bu ugurda netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

TSTP