Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Saglyk – bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr

2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda “Saglyk – bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladalar, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ony ösen döwletleriň hataryna, dünýä derejesine çykarmak boýunça esasy ugurlaryň kesgitlenildigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzda ilatyň saglygy barada edilýän aladalary ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy we döwletiň ösüşiniň aýratyn möhüm ugry hasaplanyp, Döwlet Baştutanymyzyň il-günüň saglygy ugrunda ýöredýän parasatly syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ulgamyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de ony ösdürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýändigi barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Raýatlary hakynda alada edilýän ýurduň halky bagtyýardyr. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, beden, ruhy saglygyny saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady, medeni-ylmy, bejeriş, öňüni alyş, sagaldyş, saglygy goraýyş we durmuş, sanitariýa-gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy, melhemçilik hem-de gaýry göreş çäreleri amala aşyrylýar. Ilat arasynda ýaramaz endikleriň öňüni almak üçin jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, hususan-da, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmak, ruhy taýdan baýlaşmak, arassa howada işjeň hereket etmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak zerur hasaplanylýar. Elbetde, islendik adamyň zehin açarynyň zähmetdedigi, zähmetiň bolsa akyl we fiziki zähmete bölünýändigi hemmämize mälimdir. Ynsana, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sowatlylygy bilen birlikde, esasy bildirilýän talaplaryň biri-de, beden sagdynlygydyr. Täze gurulýan durmuş maksatly desgalarda, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar, giň mümkinçilikler döredilýär. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, tutuş adamzadyň sagdyn we abadan durmuşy ugrunda bimöçber aladalary edýän, ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän, aýratyn-da, ak şäherimiz bolan Aşgabady halkara ýaryşlaryň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli, belent maksatly işleri elmydama rowaçlyklara beslensinmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

TSTP