Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Demokratik özgertmeler ösüşleriň özeni” atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde aprel aýynyň 20-ne Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Parahatçylyk ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik diýip Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtap geçdi. Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
TSTP