Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Sagdyn durmuşy nazarlap: ýaşlar ýurduň – geljegi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Sagdyn durmuşy nazarlap: ýaşlar ýurduň – geljegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Sagdyn-durmuş ýörelgesine bedenterbiýä, sporta we döwlet syýasatynyň esasy hökmünde garaýan Hormatly Prezidentimiz diňe bilim ulgamynyň däl, sport ulgamynyň ösmegi ugrunda hem uly tagallalary edýär. Gözel paýtagtymyzy iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwürmek barada Hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi. Bu tagallalaryň tanymal türgenleriň, adygan sport ussatlarynyň köpelmegine oňyn täsir etjekdigi şübhesizdir. Türkmenistanda sportuň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi milletiň saglygyny dikeltmäge, berk bedenli, belent ruhly we hyjuwly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir. Watan goragyna gidýän ýetginjeklerimiz ýaşlykdan sport bilen meşgullansalar, dürli tilsimlerden baş çykaryp bilseler, berk bedenli we hiç bir kynçylyga ýaýdanman döz gelip bilerler. Sebäbi durmuşyny bedenterbiýe we sport bilen baglanyşdyrýan her bir adam öz öňünde şahsy, ruhy we hünär taýdan ösmegiň mümkinçiliklerini goýup, ony üstünlikli geçip bilýär. Sport, munuň özi diňe beden kämilligiňi däl, eýsem, erkin ruhuň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şertidir. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen pähimli sözleri bolsa, ynsan kämilligi babatda alnyp barylýan ähli işleri, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, täze iş ýerleri bilen üpjün edilmegini, sportdur bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmagyny, adamzadyň saglygyny gorap saklamak barada geçirilýän ähli ajaýyp başlangyçlary özünde jemleýär. Mähriban halkymyz üçin eşretli ýaşaýşy döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP