Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Magtymguly Pyragy hakyky watançy türkmen şahyry

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi R.Orazowyň önümçilik kärhanasynda ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelmek maksady bilen “Magtymguly Pyragy hakyky watançy türkmen şahyry” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmen halkynyň milli ruhunyň beýany bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä nusgalyk. Ol medeniýetimiziň, dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da nurlanýar. Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Edebiýatdan halkyň taryhyny, şu gününi, milli medeniýetiniň we sungatynyň geljegini öwrenip bolýar. Bu babatda nusgawy şahyrlaryň eserleri özbaşyna bir mekdepdir. Olaryň goşgularynda hiç haçan könelmejek, öçmejek terbiýeçilik sapaklary bar. Munuň şeýledigine ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini gaýtalap-gaýtalap öwrenenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. Her gezek täzeden okanymyzda, onuň täzeçilligini we terbiýeçilik ähmiýetini duýýarys. Şonuň üçin şahyryň eserlerini täzeçe röwüşde öwrenmek dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Çeper sözüň ussady akyl-paýhas öwretmek bilen çäklenmän, her bir adamy güýçli tolgundyrmaga, kalbyna ýagşylyk nuruny çaýmaga ukyply bolan çeper dilde sözleýär. Akyldar şahyryň döredijiligindäki taryhy maglumatlar, şygyrlarynyň kämil hem-de çeper dili onuň dünýägaraýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragy diňe öz döwrüniň däl, eýsem, halkynyň geljegi we geljekki nesilleriniň ruhunda hem kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes pikirlerini, päk ahlak düşünjelerini, şygyr ýazmagyň, halkyň söýgüsine eýe bolmagyň beýik mekdebini, aýdyň ýörelgesini goýmagy doly başardy. Ussat şahyryň ýoly, goýup giden beýik terbiýeçilik mekdebi özünden soňky nesiller üçin şamçyragdyr. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da rowaçlanýar Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleri berkarar döwletimizde halkymyzyň agzybirligini berkitmäge, ruhy taýdan galkyndyrmaga hyzmat edýär. Bu bolsa türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara geçip gelýän milli mirasynyň ýaş nesiller üçin ummasyz uly ähmiýetini kesgitleýär.

TSTP