2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda “Türkmenistan – demokratik dünýewi döwlet” atly maslahaty geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylan ajaýyp döwrümizde halkymyz bagtyýar, asuda durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetip bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde demokratik, dünýewi we adam hukuklarynyň berjaý edilýän döwleti hökmünde tanalýar. Maslahatyň barşynda çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň ähmiýeti we wajyplygy dogrusynda birnäçe çuňňur manyly çykyşlar edildi. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň ugurlary hem-de olaryň döwletimiziň ösüşindäki eýeleýän wajyp orny hakynda çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy pudagy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlary telekeçilik işine çekmek we olara dürli görnüşdäki ýeňillikli şertleri döretmek ugrunda amala aşyrylýan döwlet syýasaty dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi. Maslahat Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP