Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly: Täze üstünliklere badalga” atly maslahat geçirildi.
Her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň islegine, haýyşyna laýyklykda, 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy bizi beýik üstünliklere ruhlandyrdy. Bu ählumumy ruhy göteriliş täze beýik işleri amala aşyrmaga mizemez daýanç sütüni bolup hyzmat eder. Täze, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa göwünleri galkyndyrdy. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligi, berkararlygy, asudalygy we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolamagyny arzuw etdiler.
TSTP