2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň aýdyň kepili” atly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüşlere we özgertmelere, taryhy wakalara beslenýär. Şeýle döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan, işleýän, gurýan, döredýän halkymyz bilen agzybirlikde Hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen, ýurdumyzyň ýakyn geljekdäki wezipelerini kesgitlejek bu waka milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň alamaty bolup, kalplarda täze döredijilik joşgunyny döretdi.
Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu uly maslahat döwletiň demokratik ýörelgeleriniň kanuny esasda alnyp barylýandygynyň, döwletiň we raýatlaryň jebisliginiň, agzybirliginiň, olaryň özara täsiriniň we hyzmatdaşlyk hereketleriniň öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň alamatyna öwrülip, tutuş dünýä ýaň saldy. Onda kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzda halk demokratiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda täze badalga bolmak bilen, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýene-de bir taryhy wakasyna öwrüldi.
Maslahata gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleriniň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler!
TSTP