2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň mejlisler jaýynda “Täze eýýamda Hormatly Prezidentimiziň ösüş – özgerişler syýasaty galkynýar” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolmagy. Alym Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň talypdyr mugallymlary bilen duşuşygy dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän instituta gelip, talyp ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddesliklerimizi sarpalamak, has-da baýlaşdyrmak şeýle-de ýaş nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemek uly ähmiýet berilmegi möhümdir diýip belläp geçdiler. Bu ýene-de ýaş nesillerimiz barada edilýän atalyk aladanyň aýdyň subutnamasy boldy. Maslahata gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde, eziz Watanymyzda eşretli durmuşyň hözirini görmek, halal zähmet çekmek bagtdyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP