2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik sehinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Döwlet nyşanlarymyz – ajap eýýamyň şamçyragy” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanunydyr, türkmen halkynyň bagt Kanunydyr. Esasy Kanunymyz türkmen döwletiniň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir. Konstitusiýamyzda döwlet gurluşymyz, döwlet nyşanlarymyzyň şekilleri, raýatlaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenendir diýip aýtdylar. Türkmeniň ata-baba milli ýörelgelerine daýanýan we halkara kada-kanunlaryndan ugur alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň baş binýady bolup, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, milli gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylmagy we indiki nesillerimize geçirilmegi, ýaş nesillerimiziň durnukly bilim almagy, sagdyn ösmegi, adamlaryň zähmete bolan hukugy ýaly kanuny esaslary kesgitleýär. Adamy döwletiň esasy baýlygy diýip kesgitleýän Konstitusiýamyz halkymyzyň bagtyýarlygyny kepillendirýän bolsa, ýaşyl Baýdagymyz türkmeniň milli mertebesiniň nyşanydyr. Keşbi Esasy Kanunymyzda kesgitlenen ýaşyl Tugumyz halkymyzyň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza her bir türkmenistanly çäksiz buýsanýar, uly hormat goýýar diýip aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän uly möçberli maksatnamalar, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler döwletimiziň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. Goý, ýaşyl Baýdagymyz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany bolup, hemişe belentde parlasyn!
TSTP