2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmeniň Rysgaly” hususy kärhanasynda Türkmenistanyň taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini wagyz etmek maksady bilen, “Beýik ruhy ýörelge – jemgyýetimiziň mizemezliginiň daýanjy” atly duşuşygy geçirildi.
Çykyşlarda: Berkarar döwletimizde Watanymyzyň her bir pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda, milli medeniýetimize, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, milliligimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň medeniýetini, mirasyny, taryhyny gaýtadan dikeltmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda-da ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyp geçdiler.
Duşuşygyň gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler.
TSTP