2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Telekeçi A.Möwlamowyň “Ýelken” aýakgap önümçilik kärhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimizi ynsanperwer syýasaty esasynda ähli ulgamlaryň ösmegini nazarlap uly möçberde çäreler görülýär, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşap zähmet çekmekleri üçin müňlerçe iş orunlary döredilýär. Halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, raýatlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen ýaşatmak we ýaşlarymyzy sporta çekmek bu ugurda gyzyklanýanlaryň sanyny artdyrmak we sporty ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjegünde etrapdyr şäherlerde şol sanda paýtagtymyzda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Köpçülikleýin sport ýaryşlary, woleýbol, futbol oýunlary, welesport, suwda ýüzmek, uzak aralyga ylgamak boýunça marafon ýaryşlarynyň dowamly geçirilip durulmagy bu aýdylanlara mysaldyr. Ýurdumyzda “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sporty ösdürmek boýunça hem üstünlikli işler alnyp barylýar diýip belläp geçdiler. Çäre gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP