Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy

2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda  “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýetinde ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy” atly maslahat geçirildi. 

Bu maslahatda Magtymguly Pyragynyň eserleri we ýaşlara ündewleri hakynda çykyş edildi, Magtymguly pyragy öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlaryny wasp edip, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralaşýar, onuň zeruryýetliklerinden ugur alýar. Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Magtymgulynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary barada aýratyn belläp geçdiler

      Soňra çykyşy edenler Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar we abadan durmuşy barada edýän aladalarynyň bu ugurdaky ynsanperwer syýasatynyň, beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýdýarys we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP