2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Telekeçi M.Amanowyň önümçilik kärhanasynda Mähriban Arkadagymyzyň “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary we halklary bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlyklar milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň hususy pudagynda hem deňsiz-taýsyz ösüşleriň, özgerişlikleriň gazanylmagy we dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim, söwda we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy mynasybetli “Dost-doganyň aýnasydyr” atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän “Açyk gapylar” syýasaty bütin dünýäde giň goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu gatnaşyklar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hem ruhuna doly laýyk gelýär. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Milli Liderimiz geljek üçin esasy wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy hem-de syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrmagy bilen tapawutlanýandygymyzy belläp geçýär. Bu bolsa dünýä giňişliginde onuň eýeleýän ygtybarly ýörelgelerini, daşary ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklaryny şertlendirýär.Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkara meseleleriniň çözülmeginde hem Ýer ýüzüniň ençeme döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürip gelýär diýip bellediler. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP