2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki maliýe orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Beýik söz ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýar. Beýik akyldar şahyryň hormatyna paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Akyldar şahyryň çuňňur many-mazmuna eýelenen şygyr setirleri ýaşlary terbiýelemekde görelde mekdebidir. Onuň zehin eleginde taraşlan jaýdar jümleleri halkyň durmuş ýörelgesine, atalar sözüne, nakyllara öwrülip ýygy-ýygydan ulanylýar. Watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, bagtyýarlyk sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän şygyr diwany, ynsanperwerligiň beýik sypatlaryny häsiýetlendirmek bilen, halkyň kalbynda müdimi ýaşaýar. Şahyryň eserlerinde duş gelýän köp sanly parasatly sözler, ganatly jümleler türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny, milli tebigatyny açyp görkezýän gymmatly aňlatmalardyr. Akyldar şahyryň dürdäne setirleri, diňe bir türkmen aňynda däl, eýsem olary okan her bir ynsanyň kalbynda baky orun alyp ýaşaýandygy barada öz çykyşlarynda aýtdylar hem-de dana şahyrymyza uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP