2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda şu ýubileý ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň üstünde yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmek maksady bilen “Aýdyň maksat-aýdyň ýol” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşiniň täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler diýip belläp geçdiler hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP