Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

“Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda TSTP-niň Balkan welaýat komiteti, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi, TDP-niň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda  Hormatly Prezidentimiziň ”Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi Abadan, bagtyýar hem-de eşretli durmuşymyzda öz gözbaşyny Garaşsyzlykdan alyp gaýdaýar. Hormatly Prezidentimiz  25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine  bagyşlap döreden  täze kitaby bolan  “Garaşsyzlyk — bagtymyz” diýlip atlandyrylan bu kitaby türkmen halkyna sowgat etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan soňra  geçen 30 ýylyň dowamynda ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni  we beýleki ugurlarda  gazanan ösüşleridir üstünlikleri netijesinde  ýurdumyz dünýäde  kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.  Bu kitapda parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini hem-de Garaşsyzlygymyzy gazanylandan soňra 30 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin beýan edilýär.

Soňra dabara gatnaşyjylara Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän bu ajaýyp kitaby üçin Hormatly Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar...

TSTP