2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde Hormatly Prezidentimiziň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp, “Türkmenistan-asudalygyň ýurdy” atly düşündüriş-wagyz çäresi geçirildi.
Düşündüriş-wagyz çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, ildeşlerimiziň asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryny üpjün edýär. Diýarymyz parahatçylykly gülläp ösüşleriň çeşmesidir. Her bir türkmenistanly şeýle berkarar, asuda, parahat döwletde ýaşaýandygyna guwanmaga, buýsanmaga haklydyr diýdiler hem-de halkymyzyň asudalygy, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP