Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Parahat  ýurtda, asuda durmuş

2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik fabriginiň mejlisler zalynda TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri geçirmek maksady bilen ”Parahat  ýurtda, asuda durmuş”  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurt baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda bimöçber işler alnyp barylýar. Il saglygyň ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek, olaryň beden saglygyny gorap saklamak baradaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Elbetde, munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, halkymyzy zyýanly endiklerden, bet pişelerden gorap saklamak meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler adamkärçilik sypatlaryny, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaraşygydyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

TSTP