Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Beýik özgertmeler ýaş telekeçileriň ýörelgesidir

2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen döwlet Maliýe institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlary telekeçilige çekmek maksady bilen, “Beýik özgertmeler ýaş telekeçileriň ýörelgesidir” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilige giňden çekilýändigini, işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap geçdiler.

Maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, brifing maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP