Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Magtymguly Pyragy – arzuwlan bagtyýarlyk döwrüň geldi

    2021-nji ýylyň iýun aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda TSTB-niň Balkan welaýat bölüminiň işgärleri we telekeçileriň arasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy – arzuwlan bagtyýarlyk döwrüň geldi!” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar täsirli beýan edilýär. Şahyr il-güni sylamagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. „Akyl olsaň ýagşylara hemden bol, Akmak özüni nadan bilen ýar eýlär“ diýmek bilen, ýagşylyk etmegi ündeýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik ,tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde dana Pyragynyň eserlerine gyzyklanma has-da artyp, bu günki gün beýik şahyrymyzyň şygyrlary bütin dünýäde meşhurlyga eýedir.

   Dünýä medeniýetine deňsiz-taýsyz goşant goşan pederlerimiziň miras galdyran milli gymmatlyklary bu gün ruhy galkynyşyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmeginiň özünde hem uly many-mazmun bar. Çünki bagtyýarlyk döwrümizde akyldar şahyryň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwy hasyl boldy. Häzirki wagtda her bir günimiz ajaýyp täzeliklere, ösüşlere beslenýär. Akyldar şahyrymyzyň sözlerine döredilen aýdymlar aýdylýar, onuň ganatly setirleri dünýä dillerine terjime edilýär.

   Çäräniň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi we Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi.

TSTP