Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni

Çaga— neslimiziň dowamaty geljegimiziň ýagty saçýan şuglasy. Şonuň üçinem ýurdumyzda eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, döwrebap bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtly, asuda durmuşda ýaşamagy, wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegi, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilip geçilmegide munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şeýle çäreleriň biri hem  Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Çagalar goramagyň halkara güni mynasybetli Çagalar öýiniň mekdep uçurymlaryna we Saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumyndaky çagalara birnäçe sowgatlar gowşuryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen baglanyşykly işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap kemala gelmegi üçin edilýän aladalaryň bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet  berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ykbal özgerdiji taglymatynyň belent  ruhunda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Dowamatymyz bolan çagalar baradaky aladalar bolsa Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan her bir döwletli tutumynyň çuňňur mazmunyny, baş maksadyny kemala getirýär. Munuň özi çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak ýaly halkymyza mahsus durmuş ýörelgeleriniň ynsanperwer döwlet syýasatymyzda mynasyp orun almak bilen, mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Gahryman Prezidentimiz Diýarymyzyň bagtly çagalygyň ýurdudygyny,  ýaş nesliň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidigini arkaýyn aýdyp biljekdigimizi buýsanç bilen nygtaýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp durmuşyny üpjün etmek üçin goýulýan maýa goýumlary, maksatnamalarymyzda bu ugra gönükdirilýän uly möçberli işler döwletimiziň berkararlygyny, okgunly ösüşlerini görkezýän esasy görkezijileriň biri diýsek, dogry bolar. Sebäbi ýaş nesliň saglygy, terbiýesi hem-de abadan durmuşy baradaky aladalar halkyň bagtyýar geljeginiň möhüm şertleriniň biridir.

TSTP