2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli telekeçi zenanlaryň baýramyny gutlap, “Zenan-zeminiň bezegi, durmuşyň güli” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli partiýanyň işjeň zenan agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň zenanlaryna uly hormat, sarpa goýýan, Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda eziz enelerimiziň hormat-sarpasy, zenanlarymyzyň mertebesi, kümüş saçly enelerimiziň sargytlary bilen bilelikde käbelerimiziň paýhasy, buýsanjy beýan edilýändigi hem bizi begendirýär. Durmuşymyzyň ajaýyp bägülleri ýaly hemişe nur, bagt eçilýän mährem enelerimiz hakdaky aladany ilkinji orunda goýup, döwlet derejesine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, alyp barýan döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin diýip belläp geçdiler.
TSTP