Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadaga şöhrat-sporta şöhrat

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde guramaklarynda, 2021-nji ýylyň 08-nji aprelinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda “Arkadaga şöhrat-sporta şöhrat” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy M.A.Goçmedow giriş sözi bilen çykyş edip Gahryman Arkadagymyzyň telekeçilikde döredýän giň mümkinçilikleri barada buýsançly belledi. Şeýle-de halk hojalygynyň ähli  pudaklaryna içgin aralaşýan telekeçileriň ýurdumyzda sportuň ösmegine goşýan goşandy barada aýtdy. Esasan hem döwrebap sport desgalaryny gurmakda olaryň içini döwrebap sport enjamlary bilen üpçün etmekde telekeçileriň alyp barýan giň göwrümli işleri barada aýdyp, häzirki wagtda hususy binalarda türgenleşik şertlerini döredip tölegli hyzmatlary  halk köpçüligine hödürleýän telekeçileriň bir näçesini mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sagdyn-durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek bilen Milli Liderimize alkyş sözleri bilen sözüni jemledi. 

         “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Bahargül Altyýewa sportda ýetilen belent sepgitler barada söze başlamak bilen bu ösüşleriň sakasynda duran Arkadag Prezidentimize ýaş türgenleriň adyndan alkyş sözlerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan sagdyn-durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň goşýan goşandy dogrusynda hem giňişleýin belläp geçdi.     

      Dabarada çykyş edenler ýaşlary sagdyn ruhda  terbiýelemekde Hormatly Prezidentimiziň görelde mekdebi bolup durýandygyny uly buýsanç bilen aýdyp, maslahatyň ahyrynda sportda döredilýän ähli şertler üçin Milli Liderimize uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

TSTP