Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Sagdyn jemgyýet-bagtyýar durmuşyň kepili

           2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar  we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi we Hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde guramagynda Neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanşygyna, kontrabandasyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman dünýäsiniň howuplaryna, şol sanda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, temmäkiniň ulanylmagyna garşy alyp barýan giň möçberli tutumly işleri, bu möhüm ugurdaky taýsyz tagallalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär.  

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermeginiň, türkmen sportynyň abraýyny has-da belende götermegiň döwrüdir. Neşe serişdeleri bedene düýpli zyýan salmak bilen ömrüň üzülmegine getirýär. Olar ýürek, gan damarlaryna, bagra we böwrege zyýanly täsirini ýetirýär. Netijede, dürli bozulmalar ýüze çykýar. Bu bolsa ýokanç we ýokanç däl keselleriň (ýokary dem alyş ulgamynyň, ýürek, gan damar ulgamynyň keselleri, insult, infakt, dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleri) ýüze çykmagynyň ilkinji sebäpleridir diýip ýygnaga gatnaşanlara  giňişleýin düşündirildi.  

Çäräniň ahyrynda  ýygnaga gatnaşanlar garaşsyz diýarymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin raýatlaryň zyýanly endiklerden goraglylygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP