Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Milli ykdysadyýet ösüşleriň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan  döwletimizde ykdysadyýatyýetiň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek ýyllynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we halkymyzyň islegi bilen bu ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler   birleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda  TSTP-niň Balkan welaýat komiteti we TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde telekeçileriň we talyp ýaşlaryň arasynda “Milli ykdysadyýet ösüşleriň ýolunda” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda telekeçilige höwes bildirýän ýaşlary telekeçilege çekmek we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny  öňdebaryjy   tehnologiýalar bilen üpjin etmekde, halkara bazarlarynda bäsleşige  ukyply  ýokary hilli,  önümleri öndürmekde    hem-de  ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp  barylýan işlerinde telekeçilerimiziň   öňünde  uly wezipeler durýandygy barada belläp geçildi. Ýurdumyzyň telekeçileriniň  alyp  barýan şunuň  ýaly giň   gerimli  işlerinde   Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde berýän goldawlary   bilen  berk   baglanşyklydyr. Golaýda   howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döredilmegi we şol gazna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň goýulmagy bizi hasam buýsandyrdy. Mälim boluşy ýaly çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlary, döwrebap binalar gurulýar.Ýurdumyzda bir sebap bilen ata-eneden mahrum bola çagalary terbiýelemek we hossarlyk etmek uly sogaply işleriň biri bolsa gerek.   Geljegimiz bolan  nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan  kadaly ösüşini  üpjün etmek baradaky  aladalaryň ählisi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalara goldow etmek üçin şeýle gaznanyň  döredilmegini uly orny bardygyny ýygnaga gatnaşanlar giňişleýin belläp geçdiler we Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP