2021-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini berkitmek maksady bilen, Hususy telekeçileriň arasynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini berkitmek maksady bilen, “Goşa ganat – goşa gudrat” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam berilmegine, esasanam Mähriban Arkadagymyzyň alyp baýran syýasatlary dogrysynda hem-de Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetinde çuň özgerişleriň bolup geçmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi diýip bellediler. Soňra Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.
TSTP