Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – Türkmen Bagtyýarlygynyň goşa ganaty

2021-nji ýylyň 19-nji fewralynda “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda  hususy telekeçileriň arasynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini berkitmek maksady bilen, “Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – Türkmen Bagtyýarlygynyň goşa ganaty” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Bu maslahaty TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa Ilki bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda Telekeçi Rowşanow Batyryň işjeň  partiýa agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam berilmegine, esasanam Mähriban Arkadagymyzyň alyp baýran syýasatlary dogrysynda hem-de Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetinde çuň özgerişleriň bolup geçmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegine we mundan beýläk hem pajarlap ösmegine giň ýol açyldy diýip belläp geçdi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP