Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Döwletliligiň milli demokratik ýoly bilen täze belentliklere» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Jebisligiň hem zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýän agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşleriň we özgerişleriň, taryhy wakalaryň şaýady bolup, şanly seneleri dünýä ýaň salýan dabaralara besleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasyp taryhy wakadyr. Jebisligiň, agzybirligiň we aýanlygyň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybarat bolup, onda ýurt ähmiýetli, il bähbitli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taryhy mejlis halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir ýola subut etdi.
Hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň öz borçlaryna doly we dogry düşünmeklerini gazanmak üçin wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak barada berýän görkezmelerini hem-de tabşyryklaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek biziň — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Şol esasdan, edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şol çäreleriň oňyn netijelerini berýändigine-de şaýat bolýarys. Diňe bir wagyz-ündew çärelerini däl-de, ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guramagam asylly däbe öwrülip, olaryň has zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, kämilleşmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläsimiz gelýär.
Ajaýyp zamanamyz taryhy ösüşlere we şanly wakalara beslenýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyz ýürekden alkyş aýdýar. Goý, ata Watanymyzy gülledip, bagtyýar halkymyzy has-da eşretli geljege alyp barýan Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
TSTP