Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmen halkynyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiliginiň mynasyp oruny» atly maslahat geçirildi.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant-goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi, hakykatdan-da bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni-bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly Pyragy özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.
Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. «Köpetdagyň eteginde galdy ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy» diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza «Onuň Aly jenaby» diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. Halkymyzyň akyldar şahyra bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly atamyzyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip, Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr diýip belleýär.
Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň akyldar şahyrymyz baradaky pikirlerine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
TSTP