Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Täç hil» hususy kärhanasynda Gündogaryň beýik akyldary hem nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň watançylyk mowzugynda ýazan goşgulary we watansöýüjilige ýugrulan ömür ýoly barada «Magtymguly Pyragy Watanperwerligiň waspçysy» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä hususy kärhanada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Çärede hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran, şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde we dünýä ýaýmakda edilýän bimöçber tagallalaryň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaş nesilleri milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, arassa ahlakly döwrebap nesiller edip ýetişdirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
TSTP