Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRÝÄN BEÝIK BAŞLANGYÇLARY ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirýän beýik başlangyçlary uly ösüşlere beslenýär» atly maslahaty geçirildi.

Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi halklary dostlaşdyrýar, dünýäde parahatçylygyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň diňe bir şu güni däl, eýsem, ertiri üçin hem uly tagallalary edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň barha belentlikleri nazarlaýan we ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilim özgertmeleriniň geljekki müňýyllyklara tarap uzap gitjek möhüm ädimlerinde beýik üstünlikleri gazanmagy ýaş nesliň çuňňur bilimliligine, geljege bolan ynamyna, okamaga, zähmet çekmäge, döretmäge bolan höwesine köp derejede baglydyr.

Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we umumadamzat üçin diýseň bähbitlidir we buýsandyryjydyr.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty mundan beýläk-de dabaralansyn, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

TSTP