Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI WE MILLI LIDERIMIZIŇ YLHAMY DÖWLETLILIGINIŇ DABARALANMASY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, onda kabul edilen çözgütleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen  «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we Milli Liderimiziň ylhamy döwletliliginiň dabaralanmasy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrülendigi, onda möhüm çözgütleriň kabul edilendigi bilen bagly täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşlarda jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmek, halkymyzy has-da bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

TSTP