Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

TARYHY TUTUMLARA BESLENÝÄN DÖWÜR

 

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Taryhy tutumlara beslenýän döwür» atly maslahat duşuşygy geçirildi

Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda taryha altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şolaryň biridir. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan we eşretli ýaşaýşy barada döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Mejlis täze taryhy eýýamda döwletlilik taglymatynyň, milli demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlary halkymyzyň buýsanç duýgularyny artdyrdy hem-de «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň dabaralanýandygynyň kepiline öwrüldi. 

Ajaýyp zamanamyzda gazanýan ýeňişlerimiz hem üstünliklerimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly  Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň gazananlaryny berkitmek, Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijeleridir. Ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy döwletimiziň ösüşi, baky rowaçlygy hem-de halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen asylly başlangyçlar eziz Diýarymyzy ösüşiň has belent derejelerine götermekde berk binýat bolup hyzmat edýär. 

Goý, ata Watanymyzyň at-abraýy has-da belende göterilip, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan berkarar ýurdumyzda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly  Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaç menzillerde beýik üstünlikler baky hemra bolsun!

 

TSTP