Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Halk Maslahaty: asylly ýörelgeler we nusgalyk taglymat» atly maslahaty geçirildi.
Bizi baş baýramymyz bolan — Garaşsyzlyk gününiň öňi syrasynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şanly senäniň öňüsyrasynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleri buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle ajaýyplyklar binýady berkden tutulan berkarar döwletimizde mähriban halkymyzyň merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap eýýamynyň hözirini görýändigine we röwşen geljege tarap ynamly barýandygyna şaýatlyk edýär.
Beýik akyldarymyz we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýyly taryhy wakalaradyr üstünliklere beslenýär. Berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän ähli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine, halk häkimiýetliliginiň berkidilmegine, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde gazanylan üstünlikleriň, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy mundan beýläkki ösüşlerimize badalga bolup, bagtly geljegimize uzaýan ýoly has-da nurlandyrjakdygyna berk ynanýarys.
Umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer başlangyçlaryň sakasynda duran, ýurdumyzda demokratik we hukuk gymmatlyklarynyň berkidilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP