Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli döwletliligiň daýanjy» atly maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem, eziz Diýarymyzyň geljeginiň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläkde, döwrebap özgertmeleri giňden durmuşa geçirmegiň, milli demokratiýany dabaralandyrýan, milli kanunçylygymyzy ählumumy ykrar edilen kadalar esasynda kabul etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzyň taryhynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy wakada ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynda orta alnyp maslahatlaşylan pikirlerde, çykarylan çözgütlerde halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen esasan hem, ata watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ykbaly, olara milli ruhda terbiýe bermek, ylymly-bilimli Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşjak kämil ýaşlary kemala getirmek hem-de ýaşlary telekeçilik işine ugrukdyrmak, ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagy babatynda hem aýratyn durulyp geçildi diýip maslahatda çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler.
Maslahatda halkymyzy gülläp ösmeginde we dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP