Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ak kent» hususy kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýollarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ata Watanymyz Türkmenistanda şu günler baş baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görülýär. Bu taryhy sene durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzy depginli ösdürmäge, jemgyýetiň aň-paýhas, ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge, sebit we halkara derejede deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmen halky üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabry taryhy gün bolar.
Biziň her birimiz Garaşsyz Watanymyzyň taryhy ösüş-özgertmelerine, eşretli durmuşymyza, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlaryna buýsanýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz mundan buýana hem gülläp össün!
TSTP