Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlsine taýýarlyk görmek, ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Merdana halkymyzyň agzybirligi hem jebisligi gazanylýan beýik ösüşleriň kepili bolup durýar. Bagtyýar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça tutumly işlere, düýpli özgertmelere badalga berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanşykly hem ynsanperwer syýasaty giňden goldaw tapýar. Çünki eziz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar ýurduň öz raýatynyň abadan durmuşy barada uly alada edýändigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen badalga berlen işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ata Watanymyzyň halkara abraýy ýokary derejelere galýar. Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, konstitusion özgertmeler amala aşyrylýan ýurdumyzda halkyň sesi, olaryň teklipleri birinji ýerlerde durýandygyna bizi begendirýär.
Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ösdürmekde, raýat jemgyýetiň işjeňligini artdyrmakda, kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekde goldawa eýe bolup, Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Şeýle ajaýyp döwletde ýaşamaga, işlemäge , döretmäge ähli mümkinçilikler döredilen, bu aladalaryň arkasynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň bardygy biziň begendirýär.
Goý, şeýle ajaýyplyklary bize peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!
TSTP