Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI – ÝETILEN SEPGITLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER, GELJEKKI UGURLAR

2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Röwşen» hususy kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi  – ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar» atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek karar edildi. Has takygyny aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle hem ýokarda ýatlanan kararda bu umumy milli forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen oňa taýýarlyk görmegiň wezipeleri  kesgitlenildi. Garaşsyz döwletimiziň we raýatyň milli kanunçylyk ulgamyna esaslanýan gatnaşyklarynyň aňly-düşünjeli, döredijilikli, sazlaşykly bolmagy, hukuk kadalarynyň çäklerinde düzgünleşdirilmegi, şonuň bilen birlikde, onuň ahlak we umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini häsiýetlendirýän alamatlaryň biri bolup durýar. Gadymy halkymyzyň möhüm meseleleri   il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek ýörelgesi bar. Köp asyrlaryň tejribesinden gözbaşly milli demokratiýamyzyň bu asylly däbi Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy bolar.

Halkymyzy bolelin, eşretli durmuşda ýaşatmakda, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda eden arzuwlaryny amala aşyrmakda, çekýän asylly zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP