Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETIŇ ÖSÜŞI, HALKYŇ ABADANÇYLYGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Bagdan” hojalyk jemgyýetinde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Döwletiň ösüşi, halkyň abadançylygy”  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumly işleri dowamaty dowam bolup gelen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  ýurdumyzy gurşap alan özgertmeler, bolup geçýän şanly wakalar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk maslahatyna kabul ediljek möhüm çözgütleri  Halkyň bähbidine gönükdirilýär. Şu günki güne çenli  ýaşuly nesliň wekilleri hemde jemgyýetiň dürli ugurlaryna degişli agzalaryn gatnaşmagynda geçirlen bolsa, häzirki wagtda bu mejlisde ýaşlaryň orny has-da ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak, hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar. Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda toplan tejribelerine berk eýermek bilen, täze taryhy döwrümizde ulus-ilimiziň bagtyýarlygyna, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýäris!

TSTP