Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

HALK MASLAHATY: ASYLLY DÄPLER DOWAMAT-DOWAM

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty: asylly däpler dowamat-dowam” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir hem merdana halkymyz özüniň iň naýbaşy baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede mynasyp garşylamak üçin şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýär. Mukaddes baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Şeýlelikde, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň jemi jemleniler, öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, asylly başlangyçlary hem-de taryhy tutumlary özünde jemleýän il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Berkarar Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde derwaýys meseleleriň birnäçesi öz beýanyny tapar. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça geljekde alnyp barylmaly işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda mundan beýläk amala aşyrylmaly işler we durmuş-ykdysady ösüşiň ilkinji nobatda durýan meseleleri barada jemgyýetçilik wekilleri bilen pikir alşylar. Bu bolsa halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriniň has-da dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň alamatlandyrar.

Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

TSTP