2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty - döwletlilik ýörelgesi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini halkymyza giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyz baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi we ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar halkymyz hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň duşuşykda ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP