Golaýda, şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirler. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçirilýär.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen mundan beýläk-de gülläp össün!
Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluga we hyzmatdaşlyga açyk eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
TSTP