Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – ÖSÜŞLI GELJEGIŇ KEPILI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler zalynda partiýanyň işjeň agzalarynyň, hususy telekeçileriň gatnaşmaklarynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – ösüşli geljegiň kepili” atly düşündiriş-wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyndaky eýeleýän möhüm orny dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi.

Şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen telekeçilerine işlemek we döretmek üçin döredip berlen amatly şertler we bu ugurda ýetilen uly sepgitler barada buýsanç bilen durlup geçildi. 

Ýygnaga gatnaşan partiýa agzalary Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljegi we  halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP