Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Meşhur türkmen danasy – Arkadagly, Gahryman Serdarly Watanda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar  we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Meşhur türkmen  danasy – Arkadagly, Gahryman Serdarly Watanda” atly dabaraly maslahat geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz­taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan “Pähim­paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji­hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has­da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan “Magtymguly” atly täze kitabyň neşir edilmegi şahyryň hormatyna atlandyrylan şöhratly ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen ýygyndynyň okyjylara gowuşmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýygyndynyň üç dilde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanylmagyny olardaky goşgularda beýan edilýän çuň mazmunly pikir­garaýyşlaryň, pent­nesi hatlaryň diňe bir halka ýa­da bir millete däl­de, eýsem, tutuş ynsanyýete dahyllydygy bilen düşündirse bolar. Hakykatdanam, şahyryň öňe süren agzybirlik, parahatçylyk, ynsanperwerlik, watançylyk taglymatlary tutuş adamzada gönükdirilendir, ähli halka çakylykdyr. 

Hormatly Prezidentimiz: “Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep­terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many­mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär” diýmek bilen, akyldar şahyryň abraý­mertebesini has­da belende göterýär. 

Goý, beýik şahyryň gymmatly ündewlerini parasatly döwlet syýasatynda ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumlary rowaç bolsun!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP